Merdana Watan ogullarynyň Watan ugrundaky söweşlerde görkezen gahrymançylyklary Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýaş nesilleri üçin Watanyny, eziz halkyňy söýmegiň, onuň erkinligini we azatlygyny gorap saklamagyň beýik mekdebidir. Şonuň üçin Ýeňiş baýramy türkmen halky üçin iň bir mukaddes baýramlaryň biridir. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde Beýik Ýeňşiň dabarasyna çäreler yzygiderli geçirilýär.
Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde bu baýramçylyk mynasybetli “Watan gahrymanlary-mertlik mekdebi” atly wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasy geçirildi.Bu gurnalan wagtlaýyn sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan taryhy gymmatlyklarymyzyň birnäçesi görkezildi.
Sergide ýerleşdirilen taryhy gymmatlyklarymyz, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň baý medeni ruhy hem milli mirasyny şöhlelendirýän 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk uruşyna degişli maglumatlar, uruş ýyllaryň taryhyndan söz açýan türkmenistanly gahrymanlarymyz hakyndaky fotosuratlar, Beýik Ýeňşiň dabaralanyşy we Watan gahrymanlaryna goýulýan hormat-sylagy hem-de Lebap welaýatynyň “Hatyra” we “Şöhrat” kitaplary sergide öz beýanyny tapdy.
Türkmen halkynyň merdana ogullarynyň ata Watany goramak üçin şirin janyndan geçip beýik gahrymançylyk, edermenlik görkezmekde bitiren işleri, tylda galan halkyň, gelin-gyzlaryň Beýik Ýeňşe, fronta öz şaý-seplerini, dürli zatlary kömek berýän pursatlarynyň fotosuratlary, şeýle-de uruşda görkezen edermenlikleri üçin Türkmenistanly gahrymanlara dakylan orden, medallar ýerleşdirilen.
Bu ekspozisiýada görkezilýän fotosuratlarda gazanylan Beýik Ýeňiş baýramynyň dabaralanyşy, uruşa giden ýigitleriň gaýdyp gelişi, uruş ýyllarynda we uruşdan soňky ýyllarda durmuşda ulanylan ýag çyralar, dürli gaplar, beýleki esbaplar hem-de suratkeşleriň döreden surat eserleri sergilenýär.
Diýseň köp tomaşaçylary özünde jemlän sergi täsirliligi bilen tapawutlandy.Dabaraly serginiň açylşygyna gatnaşanlar dünýä halklarynyň dostlukly, parahatçylykly, agzybir we asuda durmuşda ýaşamagy üçin bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaçly menzillerde rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Jennet MYRADOWA, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ekskursawody
