Wekiller palatasyna gözegçilik ederler

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Respublikan partiýasy Kongresiň Wekiller palatasynda köplük almak üçin zerur bolan 218 orna eýe bolýar. Bu barada NBC teleýaýlymy habar berdi.

Teleýaýlymyň maglumatlaryna görä, indi respublikaçylar Wekiller palatasyndaky 435 orundan 221 orny alýarlar. Demokratlar häzire çenli Kongresiň aşaky palatasyndan 214 orun aldy.

Teleýaýlymyň belleýşi ýaly, näbellilik sekiz ýerde galýar – Kolorado we Kaliforniýa ştatlarynyň dört okrugynda sanawlar dowam edýär. Netijeler Waşington, Arizona, Alýaska we Nýu-Ýorkdaky saýlaw okruglarynda näbelliligine galýar.

Wekiller palatasyna gözegçilikiň Respublikan partiýa geçmegini CNN, “Fox News” we CBS teleýaýlymlary hem çaklaýar.

ABŞ-da aralyk saýlawlary 8-nji noýabrda geçirildi. Respublikaçylar ortaça netijeleri görkezdiler, ýöne köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we pikir soralyşyklar olaryň ýeňiş gazanjakdygyny çaklapdylar.

Sesleri sanamak dowam edýär.Respublikaçylar Wekiller palatasyna gözegçilik etseler-de, demokratlaryň 50 orun ýagny bir orun artyk gazanyp, Senatyň gözegçiligini saklamagyna garaşylýar. Ýokarky palatada bary-ýogy 100 orun bar we iki partiýanyň arasynda deň paýlaşylan halatynda hem ABŞ-nyň wise-prezidentiniň, demokrat Kamala Harrisiň sesi aýgytly bolýar.

Senatda başga bir ornuň ykbaly dekabr aýynda Jorjiýa ştatynda geçiriljek saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň netijelerinden soň kesgitlener.

Ýene degişli makalalar

Newadadaky ýeňiş demokratlara Senata gözegçilik etmäge mümkinçilik berdi
Demokratlar ABŞ-nyň Senatynyň gözegçiligini saklarlar
ABŞ-nyň Alýaskany satyn almagy
San-Fransiskodaky şokolad dükany öz işgärlerine kung-fu öwredýär
FESCO (RF) we Özbegistan Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ederler
Gazagystan Türkiýede Öndürlen Uçarmansyz Howa Ulaglaryny Satyn Almak Isleýär