Wenesuela 7 Ýurtdan Diplomatlaryny Çekmegini Isledi

Wenesuela 7 Ýurtdan Diplomatlaryny Çekmegini Isledi

Wenesuelanyň hökümeti prezident saýlawynyň netijeleri hakyndaky beýannamalary sebäpli 7 Latyn Amerika ýurdundan diplomatlaryny gyssagly çekmegini isledi.

Mesele hakynda berlen beýannamada, 28-nji iýulda geçirlen prezident saýlawy bilen arabaglanşykly Argentinanyň, Çiliniň, Panamanyň, Kosta-Rikanyň, Perunyň, Dominik Respublikasynyň we Urugwaýyň beren beýannamalarynyň ýurduň içeri işlerine goşuluşmak manysyny aňladýandygy sebäpli şol ýurtlaryň Wenesueladaky diplomatik wekillerini gyssagly çekmegi talap edildi.

Beýannamada, Nikolas Maduronyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň hem ýokarda ady agzalýan 7 ýurtdaky ähli diplomatlaryny yzyna çekjekdigi nygtaldy.

Argentina, Çili, Kosta-Rika, Peru, Panama, Dominik Respublikasy we Urugwaý, Wenesuelada geçirlen saýlaw hakynda beren beýannamalarynda, prezident saýlawynyň netijelerine uly alada bildirýändiklerini mälim edipdi.

Ýokarda ady agzalýan ýurtlar, Wenesuelada geçirlen saýlawyň netijeleriniň doly gözden geçirilmegi üçin Amerikan Döwletleri guramasynyň nobatdan daşary ýagdaýda jemlenişmegi üçin çagyryş beripdi.

Wenesuelanyň Saýlaw geňeşiniň netijelerine görä, Maduro ýekşenbe güni geçirlen saýlawda sesleriň 51,20 göterimini alyp üçinji gezek prezidentlige saýlandy.

Ýene degişli makalalar

Ispaniýa bilen birlikde 5 Latyn Amerika ýurdy, ABŞ-nyň Wenesuela guran hüjümine garşylyk görkezdi
Maduro: Wenesuela ýeňilmez ýurtdyr
Wenesuela Eýranyň ABŞ-nyň zorlukly hereketlerine garşy ýurduna beren goldawyna minnetdarlyk bildirýär
Maduro ABŞ-Wenesuela dartgynlygy sebäpli Kolumbiýadan harby kömek sorady
ABŞ Wenesuela garşy täze sanksiýalary girizdi
Maduro: Wenesuela psihologik terrorçylyk we deňiz garakçylary bilen ýüzbe-ýüz boldy
Wenesuela milli özygtyýarlylygy goramakda Russiýanyň goldawyna minnetdarlyk bildirýär