Wenesuelanyň Içeri işler ministrligi: ABŞ-nyň hüjümlerinde azyndan 100 adam ýogaldy

Wenesuelanyň Içeri işler ministrligi: ABŞ-nyň hüjümlerinde azyndan 100 adam ýogaldy

Wenesuelanyň Içeri işler ministrligi ABŞ-nyň Wenesuela garşy guran hüjüminde azyndan 100 adamyň ölendigini aýan etdi.

“TeleSUR” telekanalynyň maglumatyna görä, içeri işler ministri Diosdado Kabello çarşenbe güni Nikolas Maduronyň we onuň aýaly Siliýa Floresiň şenbe güni bolan hüjümde ýaralanandygyny aýtdy.

Kabello Maduro, onuň aýaly we ABŞ-nyň harby operasiýasynda ýogalan adamlar barada öwgüli sözler aýtdy.

Wenesuelanyň goşuny çarşenbe güni ýurduň paýtagtynda guralan hüjümde ölen onlarça esgeri jaýlamak üçin köpçülikleýin çäre geçirdi.

Kabello döwlet telewideniýesine beren beýanatynda: “Wenesuela taryhy we mirasy bolan millet bolandygy üçin boýun egmez. Indi bütin dünýä Nikolas Maduronyň uruş ýesiri bolandygyny we ABŞ-nyň halkara ylalaşygynyň ähli kadalaryny bozandygyny bilýär” diýdi.

Amerikan güýçleri ýurduň demirgazygyndaky nyşanalara howa hüjümlerini amala aşyrýan mahaly, ýörite harby güýçler Maduro bilen Floresi ogurlap, ABŞ-na alyp gitmek üçin Karakasda reýd geçirdi.

Nýu-Ýork şäherindäki kazyýetleriň birinde neşe we ýarag aýyplamalary boýunça ilkinji diňlenişigine gatnaşan Maduro we Flores aýyplamalary ret etdiler.

Ýene degişli makalalar

Wenesuelada müňlerçe adam ABŞ-nyň "howplaryna" garşy ýöriş geçirdi
Türkmen dizaýneri Tanger Fashion Week 2026 halkara moda hepdeliginde
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
DÖM-e ýetmekde ýaşlaryň orny atly ylmy taslamalaryň halkara bäsleşigi geçiriler
Gök önümleriň bolçulygy döredilýär
Türkmen ilçisi Kabulda Bütindünýä şäherler forumy mynasybetli geçirilen çärä gatnaşdy