Wentilýatorly oturgyç

Kompýuter oturgyçlaryny we stollaryny öndürýän “Cougar” kompaniýasy Computex 2023” sergisinde “NxSys Aero” atly oturgyjyny hödürledi. Oturgyjyň arkalygyna RGB içinden ýagtylandyrýan 200-RGB ýelpewaç oturdyldy.

Ýelpewaç oturgyjyň arkalygynyň ortasynda ýerleşip, howanyň diňe bir oýunçynyň arkasyny däl, eýsem tutuş bedenini hem sowatmagyna mümkinçilik berýär. Ýelpewaç bezeg görnüşindäki yşyk bilen enjamlaşdyrylandyr.

Oturgyçda beýikligini sazlap bolýan magnitli ýassyklyk bar. Oturgyjyň arkalygyna arkaňyzyň aşaky bölegini saklamak üçin ýassyk oturdylan. Oturgyjyň özüniň howa geçirýän deriden edilen we ol bedeniň agramyny dogry paýlamaga amatly susguç şekilinde ýasalypdyr.

Kompaniýa “NxSys Aero”-dan başga-da, “Hotrod” oturgyjyny hödürledi. Onuň aýratynlygy, arkasy dürli gatylyk doldurgyçlary ulanylýan birnäçe zolaga bölünýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy boýunça täze resminamalar toplumyna gol çekildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Pakistandaky suw joşmalary zerarly 1000-den gowrak adam aradan çykdy
Serdar Berdimuhamedow Aşgabatdaky gurluşyklar bilen tanyşdy
BILDIRIŞ!
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi