Wereşçuk Düýn Çaknyşyk Zolaklaryndan 3,800 Adamyň Ewakuwasiýa Edilendigini Aýtdy

Wereşçuk Düýn Çaknyşyk Zolaklaryndan 3,800 Adamyň Ewakuwasiýa Edilendigini Aýtdy

Wereşçuk sosial media ulgamyndan ýaýlyma beren wideo ýazgysynda ýurdunda çaknyşyklaryň dowam edýän ýerlerinden asuda ilaty awakuwasiýa ediş tapgyry hakynda maglumat berdi.

Ewakuwasiýanyň dowam edýändigini aýdan Wereşçuk; “Düýn 3,846 adam göçürildi. Günüň dowamynda 2,216 adam hususy ulaglary bilen Mariupol-Berdýans ynsanperwer geçelgelerinden Zaporožýä bardy. Şolaryn 1496-sy Mariupol şäherinden geldi. 720 adam bolsa Polohi, Waliwka, Berdýans we Melitopol şäherlerinden Zaporožýä bardy” diýdi.

Wereşçuk Ukrainanyň Luhansk welaýatynyň käbir şäherlerinden müňden gowrak adamyň awtobuslar bilen çykarylandygyny habar berdi.

Rus goşunlarynyň Ukrainadaky hüjümleri hakynda-da maglumat beren İrina Wereşçuk; “İlkinji kesgitlemelere görä Ukrainada azyndan 260,000 inedördül metr ýaşaýyş meýdany, 533 bilim ojagy, 196 saglyk merkezi, 300 çagalar bagy, 8 howa menzili, 10 harby howa menzili, 129 zawod we kärhana, 22 müň kilometrden gowrak ýol we 226 köpri bilen geçelgeler zyýan çekdi ýa-da ýok edildi” diýdi.

Söweş sebäpli ýurdunyň çeken ýitgisiniň düşýän gymmaty boýunça anyklaýyş işleriniň alynyp barylýandygyny aýdan Werşçuk; “Şol mukdar 68 milliard dollar. Ýurduň ykdysadyýetiniň çeken ýitgisi bolsa 600 milliard dollar we ol gynansagam günsaýyn artar” diýdi.

Irina Wereşçuk Russiýanyň şol ýitgileriň öwezini dolmalydygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Germaniýadaky ukrainalylar Türkiýeden kömek sorady
Ukraina: "Azowstaldaky ähli zenanlar, çagalar we garry adamlar ewakuasiýa edildi" diýdi
Polşada adatdan daşary yssy howa hasaba alyndy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ukraina: "Russiýanyň harby birikmeleriniň hüjümleri yzyna serpikdirildi" diýdi
Hulusi Akar Polşaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy