Wezipäňi palta etme! (okyjylaryň döredijiliginden)

Ömruzagyň gözel ömrünKelte etme, Gurbanguly!Wezipäňi halkyň üçinPalta etme, Gurbanguly!

Bilýär hemme, talaňçylykÝanyn ýere berdi ýurduň;Arka bolup ogry-jümrä,Dogryň arkasyndan urduň.

Ömruzagy alyp gaçyp,Töhmet atma, Gurbanguly!Bigünäni oda oklap,Haky satma, Gurbanguly!

Köşki-eýwan gurup urduňRysgalyny ulus-iliň;Haçana çen saklajaksyň,Iliň güýji güýji siliň!

Ömruzagy ýoldan saklap,Tussag etme, Gurbanguly!Oýlan işiň ýedi gezek,Gyssag etme, Gurbanguly!

Bu dünýäni tutan barmy,Iň bolman ýatla Sapary;Ogurlanyn ýany bilenÄkiden ýok hiç aparyp!

Bilýäris biz sen ýalanySöýdüň ähli zatdan aşa;Göreňokmy, soňsuz ýalanIl maňlaýyn urdy daşa!

Ömruzagyň gözel ömrünKelte etme, Gurbanguly!Wezipäňi halkyň üçinPalta etme, Gurbanguly!

Redaksiýadan: Türkiýede okaýan türkmen studenti Ömruzak Umarkulyýew, ýakynlarynyň metbugat wekillerine aýtmagyna görä, aldaw bilen Türkmenistana getirilip, tussag edildi. Resmi Aşgabat häzirlikçe bu iş boýunça hiç bir düşündiriş bermeýär.

Ýene degişli makalalar

24.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
Çäre basyşy reallyklardan ünsi sowmak üçin ulanylýar - Ýaşaýjylar
11.05.2017 | Senagat ministrligi Kelete sement zawodynyň kuwwatyny artdyrmagy göz öňünde tutýar
11.04.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi