Wideo boýunça tagam taýýarlaýan robot-aşpez döredildi

Wideo boýunça tagam taýýarlaýan robot-aşpez döredildi

Kembrij uniwersitetiniň alymlary resepti öwrenip, islendik nahary taýýarlamagy başarýan robot-aşpez döretdiler diýip, Habar 24 ýazýar.

Munuň üçin robota tagamy nädip taýýarlamalydygyny öwredýän wideo bir gezek seretmek ýeterlikdir.

Taslamanyň awtorlary enjama nahar taýýarlamagy öwretmek üçin meşhur aşhana teleşowhunlarynyň wideorolikleriniň nepiniň degmejekdigini aýdýarlar. Sebäbi robota nahara goşulmaly ähli önümleri we enjamlary öwrenmek gerek. Robot ýönekeý we çylşyrymly reseptler boýunça nahar taýýarlamagyň aňsatlyk bilen hötdesinden gelýär, onuň taýýarlaýan tagamyna bolsa, adaty garbanyşhanalardakydan kän garaşmaly bolmaýar.

Ýene degişli makalalar

Arheologlar iň gadymy şüle tapdylar
Alymlar omikronyň näderejede howpludygyny anykladylar
Kembrij sözlügi 2021-nji ýylyň sözüni yglan etdi
Kembrij sözlügi 2021-nji ýylyň esasy sözüni yglan etdi
Alymlar howany wirusdan arassalamagyň usulyny tapdylar
Londonda Jeýms Bond hakyndaky täze filmiň dünýä premýerasy geçirildi