“Wikipedia” taryhyndaky iň meşhur gözleg soraglaryny hödürledi

“Wikipedia” taryhyndaky iň meşhur gözleg soraglaryny hödürledi

“Wikipedia” internet ensiklopediýasynyň operatory bolan “Wikimedia Foundation”, portalyň döredilen gününden bäri iň köp gözlenilen makalalaryň sanawyny düzdi. Bu barada “Popular Science” žurnaly habar berýär.

“Wikipedia” ulanyjylarynyň iň köp gözlän makalasy “Ýylyň dowamynda ölümleriň sanawy” (List of deaths by year) bolupdyr.Bu makala 647 milliondan gowrak gezek görlüpdir.Ikinji orunda ABŞ baradaky makala (328 milliondan gowrak görüliş), üçünji orunda bolsa amerikan lideri Donald Tramp baradaky maglumatlar (325 milliondan gowrak görüliş) ýerleşýär.

Dördünji we bäşinji orunlary 1952-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli tagtda oturan Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II baradaky makala we Hindistan baradaky maglumatlar eýeleýär.

Iň meşhur on gözleg soragynyň arasyna, portugaliýaly futbolçy Kristiano Ronaldo, ABŞ-nyň 44-nji Prezidenti Barak Obama, amerikan işewüri Ilon Mask, Ikinji jahan urşy we Birleşen Patyşalyk baradaky makalalar girdi.

“Wikipedia” 2001-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda işe girizildi. Ensiklopediýada 300-den gowrak dilde ýazylan 65 milliondan gowrak makala bar. Bu materiallar her aýda ulanyjylar tarapyndan 15 milliarddan gowrak gezek görülýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri“ atly ensiklopediýanyň 9-njy jilti çapdan çykdy
Prezident Berdimuhamedow tarapyndan ýazylan ensiklopediýanyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň” 9-njy tomy çapdan çykdy
Halklaryň huşasty gorlary nakyllar we atalar sözi: Gassaba ýag gaýgymy ýa-da jam gaýgymy?