“Wimbledonyň” taryhynda ilkinji gezek

Zenanlaryň arasyndaky finalda-da sanawyň 42-nji belgilisi, çehiýaly Marketa Wondrouşowa bilen 6-njy ýerdäki tunisli Uns Jaber duşuşdy.Duşuşyga Jaber şowly başlanam bolsa, soňlugy bilen 24 ýaşyndaky Wondrouşowa 6:4 hasabynda ýeňiş gazandy. 1 sagat 20 minutlap dowam eden finalyň 2-nji seti hem şol hasap bilen tamamlandy.

Netijede, 6:4 we 6:4 hasaplar bilen ýeňiş gazanan Wondrouşowa karýerasyndaky ilkinji “Uly tuwulga” kubogyny, umumylykda-da WTA-nyň ýaryşlaryndaky 2-nji çempionlyk kubogyny asmana göterdi.Bu ýeňiş taryhy çempionlyk hasaba alnyp,, ol “Açyk döwürde” faworit täl tennisçi bolubam ýeňiş gazanan ilkinji zenan raketkaçy bolmagy başardy.

Wondrouşowa “Wimbledonda” çempionlyk gazanan iň pes orundaky (42-nji) zenan tennisçi hökmünde hasaba alyndy.Ol Ýana Nowota hem-de Petra Kwitowadan soň “Wimbledonda” çempionlyk gazanan 3-nji çehiýaly tennisçi boldy.

Wondrouşowa karýerasynda 2-nji gezek “Uly tuwulgada” finala çykyp, ilkinji çempionlygyny gazandy.Ol 2019-njy ýylda Fransiýa Açygyň finalynda Eşli Bartiden asgyn gelipdi.Täze sanawda Wondrouşowa 32 basgançak beýgelip, ol 10-njy orna çykdy.

Ol 2,35 million funt sterling pul sylagyna mynasyp boldy.

Tunisli Uns Jaber bassyr 2-nji gezek finalda utulyp, “Uly tuwulgalarda” çempionlyk gazanan ilkinji arap zenan tennisçi bolmak mümkinçiligini ýene bir ýola elden giderdi. Geçen ýyl gazagystanly Elena Rybakinadan asgyn gelen Jaber möwsümiň başynda Awstraliýa Açygyň” finalynda-da ýeňlipdi. Ol ilkinji 3 “Uly tuwulga” finalynda utulan as sanly tennisçileriň hataryna goşuldy.

Ýene degişli makalalar

Uimbldon: zenanlaryň arasyndaky ýekelikdäki finalçylar belli boldy
WTA ýyly jemledi: Swýontek bassyr ikinji gezek Ýylyň tennisçisi boldy
Dünýäniň 42-nji raketkasy Uimbldonyň çempiony boldy
Lourens Won Singapuryň täze hökümet başlygy boldy
“AÇYK GAPYLAR” SYÝASATYNA EÝERIP
Serdar Berdimuhamedow koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi