Wise-premýerler Ç.Purçekowa we M.Mämmedowa käýinç yglan edildi

Wise-premýerler Ç.Purçekowa we M.Mämmedowa käýinç yglan edildi

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Başlygynyň gurluşyk, senagat we energetika meseleleri boýunça orunbasary Çarymyrat Purçekowa hem-de medeniýet we habar beriş serişdeleri boýunça orunbasary Mährijemal Mämmedowa käýinç yglan etdi.

Degişli resminamalara Türkmenistanyň Prezidenti anna güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi. Buýruklara laýyklykda, käýinç wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Wise-premýer Ç.Purçekowa kemçilikleri gysga wagtda düzetmek soňky gezek duýduryldy
Türkmenistanda karbamidli-formaldegid konsentratynyň önümçiligi ýola goýular
Aýazly howa: Aşgabatda tok, suw kesildi. Lebapda gaz üpjünçiligi pes. Maryda birnäçe öýde ýangyn döredi
Lebapda ilat gaz üpjünçiliginden nägile bolup, prokuratura şikaýat bilen ýüzlendi
Türkmenistanyň Prezidenti käbir wise-premýerlere berk käýinç yglan etdi
Ilatyň gaz üpjünçiligindäki bökdençlikleriň arasynda, prezident 'Galkynyş' känine baryp gördi