Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Uganda sapar gurar

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Uganda sapar gurar

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz saparynyň çäginde Türkiyäniň Kampala şäherindäki ilçihanasynda türk jemgyýetiň wekilleri bilen duşuşyk geçirer.

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Kampala şäherinde geçiriljek we 2 gün dowam etjek sammitiň açylyşyna gatnaşyp, Türkiyä wekiliçilik eder. Jewdet Ýylmaz ol ýerde döwlet we hökümet başlyklaryna ýörite myhman hökmünde çykyş eder, Ugandanyň Prezidenti Ýoweri Museweni bilen birlikde sammite gatnaşjak käbir liderler bilen ikiçäk duşuşyk geçirer.

Sammitde Palestinada başdan geçirilýän adamzat dramasy başda bolmak bilen Afrikanyň ileri tutulýan meseleleri, Russiýa-Ukraina uruşy, howanyň çalşygy, global ykdysady ulgamyň meseleleri bilen beýleki global we sebitleýin ugurlar ele alynar.

Sammitde Uganda Goşulyşmazlyk Hereketiniň Döwürleýin başlyklygyny 2019-njy ýyldan bäri alyp barýan Azerbaýjandan alar.

Ýene degişli makalalar

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Uganda-da Saparda Bolýar
"TRT World Forum 2023" başlaýar
Adalat we ösüş partiýasynyň saýlawa taýarlyk çäresinde guralan hüjüme reaksiýa bildirilýär
Türkiyede ýanwar aýynda işsizlik 9,1 göterim boldy
Türkiýe Bilen Gyrgyzstan 62 Maddalyk Iş Meýilnamasyna Gol Çekişdi
Jewdet Ýylmaz Nowruz baýramy bilen bagly gutlag ýüzlenmesini çap etdi