Wise-prezident Ýylmaz Ermenistanyň Premýer-ministri Paşinýan bilen duşuşdy

Wise-prezident Ýylmaz Ermenistanyň Premýer-ministri Paşinýan bilen duşuşdy

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Ermenistanda geçirlen Ýewropa syýasy jemgyýetiniň 8-nji sammitine gatnaşmak üçin Ýerewana gitdi.

Wise-prezident Ýylmaz sammitiň çäginde Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkiýe-Ermenistan serhedinde ýerleşýän Ani köprüsiniň iki ýurt tarapyndan abatlanmagy baradaky ylalaşyk teswirnamasyna gol çekişildi.

Ylalaşyga Türkiýe-Ermenistan gatnaşyklarynyň kadalaşmagy etabynyň ýörite wekili Serdar Kylyç bilen Ermenistanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň orunbasary we Ermenistan-Türkiýe gatnaşyklarynyň kadalaşmagy etabynyň ýörite wekili Ruben Rubinýan gol goýdy.

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz duşuşyk hakynda NSosial arkaly beren habarnamasynda “Jenap Paşinýan bilen özara gatnaşyklarymyzy giňişleýin ara alyp maslahatlaşdyk. Ulaglar, gümrük, energiýa we digital infrastruktura boýunça edilýän gatnaşyklaryň ösdürilmegi meselesini seljerdik. Özara gatnaşyklaryň kadalaşmagy etabynda edilen öňe gidişliklere kanagatlanma bildirýäris” diýdi.

Ýylmaz “Şu gün Ani köprüsiniň iki ýurt tarapyndan abanlanýan boýunça ylalaşyk teswirnamasyna gol çekişdik. Bu teswirnamanyň yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy we ynamyň artmagyna itergi berjekdigine ynanýarys. Sebitara parahatçylygyň güýçlendirilmegi, ykdysady hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy we halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin tagalla etmäge dowam ederis. Duşuşygymyzyň düşümli bolmagyny dileýärin we Jenap Paşinýana sagbolsun aýdýaryn” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň ykdysadyýetiniň 3 ýyllyk ýol kartasy aýan edildi
Turkish Airlines innowasion üstünlikleri üçin abraýly Inovalig baýragynda ilkinji üçlüge girdi
Jewdet Ýylmaz, Somaliniň Goranmak ministrini kabul etdi
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Siriýada başdan geçirilen wakalar barada beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiye Kipr türklerine garşy edilen “Ganly Roždestwo” gyrgynçylygyny hatyralap geçdi