Wodorod ýangyçly ilkinji desga

Fransiýada dolulygyna wodorod ýangyjy bilen işleýän, senagat desgasynda ulanmaga niýetlenen ilkinji gaz turbinasy synagdan geçirildi.Synagyň netijesinde desga 100 göterim wodorod bilen işleýän ilkinji turbina boldy. Şeýlelikde, Siemens kompaniýasynyň ýolbaşçylyk edýän konsorsiumy wodorod ýangyjynyň ulanylyşyny artdyrmak bilen bagly ilkinji möhüm ädimi ätdi. Ýewropa Bileleşiginiň goldaw berýän HYFLEXPOWER atly taslamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanan turbina gaýtadan dikeldilýän wodorodyň arassa we durnukly energiýa çeşmesi hökmünde ulanylyp bilinjekdigini görkezmegi maksat edinýär.

Taslama Ýewropa gaplaýyş serişdelerini öndürýän öňdebaryjy Smurfit Kappa kompaniýasynyň Fransiýadaky Saillat-sur-Wýen kommunasyndaky önümçilik kärhanasynda durmuşa geçirilýär.Bu ýerde Siemens Energy SGT-400 gaz turbinasy oturdyldy.Turbina ilkinji gezek 2022-nji ýylda 30 göterim wodorod goşulan ýangyç bilen synagdan geçirildi.

Indi bolsa, howany hapalamaýan tehnologiýa ulanmak arkaly 100 göterim wodorod bilen işledilip görüldi.Bu synag bar bolan gaz bilen işleýän energiýa beketleriniň netijeliligini ýitirmezden wodorod ýangyjy bilen işledilip bilinjekdigini aňladýar.

Gültäç ATAÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022” atly halkara sergi geçirilýär
Gazagystan Germaniýa nebit eksportuny dowam etdirer
Dubaýda OGT 2023 Halkara maýa goýum forumy öz işine başlady
“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahaty öz işine başlady
Aşgabatda halkara nebitgaz forumy öz işine başlady
Işewürleriň işi ileri