Wodorod ylalaşygyna gol çekildi

Ýewropanyň senagat taýdan ösen ýurdy bolan Germaniýa bilen Kanadanyň arasynda wodorod ýangyjyny üpjün etmek barada ylalaşyk gazanyldy. Şertnama laýyklykda, Atlantik ummanynyň iki tarapynda wodorod üpjünçiligi üçin zynjyr emele getiriler.

Ilkinji wodorod ýene-de üç ýyldan goýberilip başlanar.Kanadanyň Nýufaundlend adasyndaky Stiwenwill port şäherinde geçirilen duşuşykda Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols bilen Kanadanyň Premýer-ministri bu ylalaşyga gol çekdiler.

Kanada baý ýerasty energiýa çeşmelerine eýe.Bilelikde taýýarlanjak wodorod ykdysadyýeti ylalaşygyna görä, Kanadanyň bir kompaniýasy ýel bekediniň öndüren energiýasyndan peýdalanyp, eksport maksatly wodorod we ammiak öndürer.Şeýle hem Kanadanyň hökümeti bilen Volkswagen hem-de Mercedes-Benz kompaniýalarynyň arasynda elektroulag batareýalarynyň önümçiliginde ulanylýan çig mala elýeterliligi üpjün etmek üçin aýratynlykda şertnamalara gol çekildi.

Bu ylalaşyga görä, Kanadadan kobalt, grafit, nikel we litiý alnar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Frankofoniýa 2026 bäsleşiginiň dabaraly jemlenilişi geçirildi
ABŞ, Ýaponiýa we Filippin bilen birlikde harby türgenleşik geçirýär
Stambulda SAHA 2026 Goranyş we awiasiýa sergisi açyldy
ABŞ heniz eýranly türgenlere wiza bermedi
2026-njy ýylda syýahat etmek üçin iň gowy 52 ugur
“Öwrülişik pursady”. Ýakyn Gündogardaky urşuň fonunda Astana bilen Aşgabat nebit we gaz üpjünçiligini artdyryp bilermi?
Karni, Türkiýäniň Kanada üçin esasy hyzmatdaşdygyny nygtady