Wolkanowskiý Mahaçýewiň garşydaşy boldy

Wolkanowskiý Mahaçýewiň garşydaşy boldy

Sports.ru-nyň habar bermegine görä, awstraliýaly Aleksandr Wolkanowskiý UFC 294-de Islam Mahaçýewiň garşydaşy bolar. Ozal Mahaçýewiň garşydaşy Çarles Oliweýrady.

Munuň sebäbi Oliweýranyň şikes sebäpli ýaryşdan çekilmegidir. Onuň gaşynyň üstünde kesik emele geldi.

Bu üýtgeşme ESPN tarapyndan hem makullandy. Ýakynda bolsa resmi ýagdaýda yglan ediler.

Wolkanowskiý ― Mahaçýew tutluşygy 21-nji oktýabrda geçiriler.

Iki pälwan mundan ozal UFC 284-de tutluşypdylar. Şonda eminleriň gelen karary bilen Mahaçýew ýeňiş gazandy.

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: Atekäýew ― iň gowusy
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: üçünji günüň netijeleri
Berkarar döwletiň ylham joşguny atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
16-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Balkan welaýatynyň ekin meýdanlarynda gögeriş alnan bugdaýyň ideg işleri guramaçylykly alnyp barylýar