WSJ: ABŞ-nyň Bäşinji flotunyň serkerdesi Aşgabatda gepleşik geçirdi

WSJ: ABŞ-nyň Bäşinji flotunyň serkerdesi Aşgabatda gepleşik geçirdi

Aşgabatda Daşary işler ministrliginde Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli generaly bilen gepleşikler geçirildi.Bu türkmen baş diplomatynyň Waşingtonda özüniň ABŞ-ly kärdeşi bilen duşuşan gününe gabat geldi.Bu aralykda Eýranyň, Russiýanyň Ukrainadaky alyp barýan urşuna goldaw hökmünde, Kaspiniň üsti bilen Moskwa has köp ýarag ugradýandygy baradaky maglumatlaryň arasynda, The Wall Street Journal (WSJ) neşiri şu aýyň başynda ABŞ-nyň başga bir ýokary derejeli generalynyň, öňünden yglan edilmedik sapar bilen, hazarýaka döwleti Türkmenistana gelendigini habar berdi.

24-nji aprelde Aşgabatda daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew bilen ABŞ-nyň Ýaragly güýçleriniň merkezi serkerdeliginiň serkerdesi, general Maýkl Kurillanyň duşuşygy geçirildi.

Türkmen mediasy taraplaryň howpsuzlyk we sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada maslahat edendigini, şeýle-de sebitdäki we Owganystandaky ýagdaýlar barada pikir alyşandygyny habar berdi.

Ikitaraplaýyn duşuşygyň çäginde kiberhowpsuzlyk, maglumat alyş-çalşygy, brifingleri we maglumat howpsuzlygy boýunça okuwlary guramak ýaly, ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamasyna girýän meseleler hem maslahatlaşyldy diýip, habarda aýdylýar.

General Kurilla "Biz Türkmenistanyň 'oňyn bitaraplyk' doktrinasyna hormat goýýarys, şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň territorial bütewiligini we durnuklylygyny goldaýarys" diýip belledi" diýip, ABŞ-nyň Ýaragly güýçleriniň merkezi serkerdeliginiň beýanatynda aýdylýar. Kurilla saparyň dowamynda Türkmenistanyň harby we daşary işler pudaklarynyň liderleri bilen diaolog geçirendigini hem sözüne goşdy.

Bu duşuşyk Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Waşingtonda ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken bilen duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky howpsuzlyk, ykdysady hyzmatdaşlyk, adam hukuklary meseleleri barada maslahatlaşan gününe gabat geldi.

Bu aralykda, şu aýyň dowamynda Aşgabada ýene bir ýokary derejeli amerikan harby resmisiniň gelen bolmagynyň mümkindigi barada habar peýda boldy. 24-nji aprelde The Wall Strett Journal neşiri apreliň başynda ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleriniň Merkezi serkerdeliginiň serkerdesi, Bäşinji flotuň we Birleşen Harby-deňiz güýçleriniň kommandiri, wise-admiral Brad Kuperiň (Brad Cooper), öňünden yglan edilmedik sapar bilen, Türkmenistanda gepleşik geçirendigini ýazdy.

Habarda taraplaryň meseleleriň giň gerimini, şol sanda özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we deňiz howpsuzlygyny artdyrmagyň ýollaryny maslahat edendigi bellenildi, ýöne başga takyklaşdyryjy maglumat berilmedi.

Bellesek, ABŞ-nyň bäşinji flotunyň düýbi Bahreýnde ýerleşip, ol Pars aýlagynda, Gyzyl deňizde we Arap deňizde hereket edýär. Onuň wezipeleriniň hatarynda regionyň howpsuzlygy, şol sanda Eýranyň gaçakçylyk ýollar bilen daşaýan ýükleriniň öňüni almak hem bar.

Ýatlatsak, geçen ýylyň noýabrynda ABŞ-nyň Bäşinji floty Eýranyň, Türkmenistanda öndürilen bolmagy mümkin, partladyjylary ýasamakda ulanylýan himiki serişdeleri bikanun ýagdaýda Ýemene daşan gämisini saklapdy.

ABŞ-nyň deňiz güýçleriniň beýanatynda raketa ýangyjyny we partladyjylary ýasamakda ulanylýan ele salnan himiki serişdeleriň gelip çykyşy barada “Türkmenistan” agzalmasa-da, çap edilen suratlarda karbamidli onlarça haltanyň ýüzünde “Made in Turkmenistan”, ýagny “Türkmenistanda öndürilen” ýazgysyny synlasa bolýardy.

Galyberse-de, wise-admiral Brad Kuperiň şu aýyň dowamynda amala aşyrandygy aýdylýan saparynyň öňýany Türkmenistanyň goňşusy Eýranyň, Russiýanyň Ukraina garşy başladan esassyz urşuna goldaw hökmünde, Kaspiniň üsti bilen Moskwa 300 müň töweregi artilleriýa toplaryny we millionlarça ok-däri iberendigi barada maglumat peýda boldy.

Türkmen metbugatynda beýan edilmedik wise-amdiral Kuperiň mümkin saparyny, şeýle-de onuň dowamynda ýokarky meseleleriň gozgalyp-gozgalmandygyny açyk we resmi çeşmeler arkaly tassykladyp bolmady. ABŞ-nyň harby-deňiz güýçleriniň metbugat wekili, The Wall Street Journal neşiriniň wise-admiral Kuperiň türkmen resmileri bilen geçiren duşuşygynda, Kaspiden daşalýan ýaraglary ele salmak meselesi baradaky soraglaryny teswirlemedi.

ABŞ-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň berk ykdysady sanksiýalary astynda galýan Russiýa we Eýran Moskwanyň bir ýyl töweregi ozal Ukraina garşy girişen harby çozuşynyň yzýany, söwda-ykdysady we beýleki ugurlarda has ýakyn özara hyzmatdaşlyga ymtylýar. Tähran Moskwany Eýranda öndürilen kamikadze dronlary bilen hem üpjün edýär.

Bu aralykda, 18-nji aprelde hem türkmen resmileri ABŞ-nyň ýene bir ýokary derejeli resmisi, ýagny ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Ýaraglanyşyga gözegçilik etmek, barlag we ýerine ýetiriş boýunça kömekçisi Mellori Stýuart bilen telefonda gürleşdiler.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda, resmi habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, dürli halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde howpsuzlyk ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylypdyr.

Türkmen häkimiýetleri goňşusy Eýranyň sowa ýollar arkaly amal edýän ýarag gaçakçylygy we muňa Aşgabadyň resmi pozisiýasy barada hiç zat aýtmaýarlar.

Türkmenistan Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasy sebäpli, onuň daşky dünýäden barha köp üzňeleşdirilmeginiň arasynda, Moskwa bilen hem syýasy, hem-de ykdysady gatnaşyklaryny has ösdürip başlady. Russiýany strategiki hyzmatdaşy hasaplaýan Türkmenistan BMG-de Moskwanyň Ukrainadaky agressiýasyny ýazgarýan ses berişliklere hem gatnaşmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

WSJ: ABŞ-nyň Bäşinji flotunyň serkerdesi Aşgabatda gepleşik geçirdi
Ýaramaz howa ýagdaýlary zerarly kofäniň bahasy gymmatlap biler
Hytaý önümçiligi awtomatlaşdyrmak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirýär
Global haryt dolanyşygy iýul aýynda birden pese gaçdy
Google Hytaýda Google Translate hyzmatynyň işini bes etdi
Ilon Mask Ýanan saçlar atly parfýum çykardy we eýýäm 2 mln dollarlyk sargyt aldy