XX asyryň neşirleri Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy barada

XX asyryň neşirleri Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy barada

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi tarapyndan XX asyryň neşirleri Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy barada ady bilen Altyn asyr: Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy asyrlaryň dowamynda dünýä halklarynyň söýgüsini gazanyp gelýär. Bu barada XX asyryň neşirlerinde türkmen we dünýä halklarynyň alymlarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň, terjimeçileriniň Magtymguly şahyr barada ýazan makalalaryny, goşgularyny, terjime edilen eserlerini okanyňda hem aýdyň bolýandygyny söhbetdeşlikde nygtap geçdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda çap bolan birnäçe maglumatlardan mysallar getirildi, şol maglumatlar esasynda ýazylýan bibliografiýa görkezijiler barada söhbet edildi. Şahyryň öz ýazan goşgusyndan okaldy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynda Magtymguly Pyraga uly orun berilendigini aýdyp, ol kitaplardan hem paýhasly jümleler beýan edilendigi hakynda söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL SAMMITINE GATNAŞDY
Tebigat we ekologiýa
Balkanly ýaşaýjy ýerli häkimiýetleriň çykaran karary bilen ylalaşman, Aşgabatdan “haraý gözleýär”
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞYGY
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 80-NJI SESSIÝASYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDY
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK