Ýakut kinosy girdejilerini artdyrdy

Ýakut kinosy girdejilerini artdyrdy

Russiýa Federasiýasynyň Saha Respublikasynyň (Ýakudystan) kino senagaty üstümizdäki ýylda 80 million rubl girdeji gazandy, bu taryhda iň ýokary görkezjidir diýip, TASS habarlar gullugy ýazýar.

Režissýor Stepan Burnaşewiň Aýta filmi kassada 26 million rubl gazandy, ikinji orunda Konstantin Timofeýewiň Lookuut uonna melodramasy 20 million rubl kassa ýygymy bilen ýerleşdi.

TASS habarlar gullugy Respublikanyň Moskwadan we Sankt-Peterburgdan soňra filmleriň önümçiligi babatda Russiýada 3-nji orny eýeleýändigini ýazýar.

2026-nji ýylda Respublikada doly önümçilik mümkinçilikli kino surata alynýan pawilon gurmakçy bolýarlar, ol Uzak Gündogarda iň uly kino merkezi bolar.

Ýene degişli makalalar

Ahalda bugdaý oragynda 'ogurlygyň' öňüni almak üçin gözegçilik edilýär
Braziliýada G20-niň sammiti geçýär
Russiýaly mugallymlar türkmen kärdeşleri üçin kämilleşdiriş sapaklaryny geçerler
Kerolaýn Liwitt Ak Tamyň metbugat kätibi wezipesine bellendi
Russiýaly mugallymlary türkmen kärdeşleri üçin kämilleşdiriş sapaklaryny geçerler
Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi