Ýanwar aýynda 600 tonna barabar baýlaşdyrylan kaolin taýýarlanyldy

Ýanwar aýynda 600 tonna barabar baýlaşdyrylan kaolin taýýarlanyldy

Türkmen kaolin açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Balkanabat şäheriniň golaýyndaky önümhanasynda netijeli işler alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkan kän müdirliginiň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Derýaplastik hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde döreden Türkmen kaolin açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Jebel şäherçesinde ýerleşýän, häzirki zamanyň kämil enjamlarydyr tehnologiýalary bilen üpjün edilen önümhanasynyň ýyllyk kuwwatlylygy baýlaşdyrylan kaoliniň 20 müň tonnasyny taýýarlamaga deňdir. Önümhanada 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda 600 tonna barabar baýlaşdyrylan kaolin taýýarlanyp, sarp edijilere ýetirildi.

Kaolin magdany, mälim bolşy ýaly, dag jynslarynyň dargamagy netijesinde emele gelýär.Ol öz düzüminde kwarsyň, demriň we titanyň oksidleriniň dänejiklerini saklaýar.Habarda bellenilişi ýaly, zerur bolan çig mal serişdesi Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa obasynyň golaýyndaky känden gazylyp alynýar.

Baýlaşdyrylan kaolin ak sementi, farfor gap-gaçlary, elektrotehniki izolýatorlary öndürmekde, kagyz, karton, rezin, kosmetika we parfýumeriýa önümlerini, boýaglary, arassaçylyk serişdelerini taýýarlamakda hem giňden peýdalanylýar.

Ýene degişli makalalar

Jebelde 12 müň tonnadan gowrak baýlaşdyrylan kaolin taýýarlanyldy
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda
Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşigi geçirildi
Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi.