Ýanwar Aýynda Eksport 19 Milliard 991 Million Dollara Barabar Boldy

Ýanwar Aýynda Eksport 19 Milliard 991 Million Dollara Barabar Boldy

Türkiýäniň eksporty ýanwar aýynda geçen ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 3,5 göterim artyp 19 milliard 991 million dollara, importy bolsa 22 göterim azalyp 26 milliard 218 million dollara barabar boldy.

Türkiýäniň Hasabat guramasynyň we Söwda ministrliginiň görkezijilerine görä, eksport ýanwar aýynda geçen ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 3,5 göterim artyp 19 milliard 991 million dollara, import bolsa 22 göterim azalyp 26 milliard 218 million dollara barabar boldy.

Daşarky söwda ýetmezçiligi ýanwar aýynda geçen ýylyň ýanwar bilen deňeşdirilende 56,4 göterim azalyp 6 milliard 227 million dollar boldy.

Ýanwar aýynyň eksport sanawynda Germaniýa 1 milliard 762 million dollar bilen birinji orny eýeledi.

Sanawda 1 milliard 224 million dollar bilen ABŞ ikinji, 1milliard 97 million dollar bilen Yrak üçünji, 1 milliard 22 million dollar bilen Britaniýa dördünji, 999 million dollar bilen İtaliýa bäşinji orny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Goranyş Senagatynyň Eksporty 7 Milliard 154 Million Dollara Barabar Boldy
Hoşboý Ys Pudagynyň Eksporty 113 Million Dollara Barabar Boldy
Haly Eksporty 1 Milliard 374 Million Dollara Barabar Boldy
Funduk Eksporty 2 Milliard 190 Million Dollara Barabar Boldy
Aýakgap Eksporty 588,7 Million Dollara Barabar Boldy
Çaý Eksportundan 19,8 Million Dollarlyk Girdeji Gazanyldy
Ançous Eksportundan 12 Million 306 Müň 154 Dollarlyk Girdeji Gazanyldy