Ýanwar-fewral: türkmen işewürleri önümçilik meýilnamasyny 104,1% ýerine ýetirdiler

Ýanwar-fewral: türkmen işewürleri önümçilik meýilnamasyny 104,1% ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) boýunça 2024-nji ýylyň iki aýynda oba hojalyk we azyk harytlarynyň önümçiliginiň ösüş depgini 104,1 göterime deň boldy diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer öz hasabatynda söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgininiň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 102,2 göterime barabar bolandygyny aýtdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar-fewral aýlarynda birža söwdalarynyň 49-sy geçirilip, 4 müň 455 şertnama hasaba alynandygyny belledi.

Wise-premýer Batyr Atdaýewiň habar bermegine görä, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 103,4 göterime deň bolup, jemi 16 maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara tejribeden ugur alyp, söwda işini kämilleşdirmek boýunça zerur işleri durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi aprel aýynyň başyna geçiriler
Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi açyldy
Tokioda türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürlik maslahaty geçiriler
27-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistan we ÝB söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmagy maslahatlaşdylar
Türkmenistan TIBCO-2024 halkara sergisine öz milli ekspozisiýasy bilen gatnaşar