Ýanwar-sentýabr: Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $363 milliondan geçdi

Ýanwar-sentýabr: Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $363 milliondan geçdi

2025-nji ýylyň dokuz aýynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy 363,6 million ABŞ dollaryna deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,4% ýokarlandy. Bu barada duşenbe güni halkara habar agentligi “Kazinform” habar berdi.

Gazagystanyň Türkmenistana eksporty 221,7 million ABŞ dollaryna barabar bolup, importyň möçberi 141,9 million ABŞ dollaryna ýetdi.

Türkmenistanyň eksportynyň esasy bölegi tebigy gazdan, oba hojalyk önümlerinden hem-de binýatlyk himiki maddalaryndan ybaratdyr.

Gazagystanyň resmi statistika gullugynyň hasabatyna görä, ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygy 2024-nji ýylda 555,7 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistan we Gazagystan özara söwda öýlerini Aşgabatda hem-de Almaty şäherlerinde açmagy ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana haryt ugratmak barada şertnama baglaşdy
Jeki Çan dombranyň owazyna goşup aýdym aýtdy
Özbegistanyň ilaty her gün 2 müň adama golaý köpelýär
Bakuwda agzalygynda Türkmenistan hem bolan Turkic.World media platformasynyň ofisi açyldy
Gazagystan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy artdy
Nigeriýaly aglamak boýunça dünýä rekordyny goýmakçy bolýarka gözi gapyldy