Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda taslamalary amala aşyrmaga çagyryldy

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda taslamalary amala aşyrmaga çagyryldy

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atadurdy Baýramow sişenbe güni Tokioda Ýaponiýanyň ROTOBO assosiasiýasy tarapyndan geçirilen “Merkezi Aziýa Ýaponiýa” Işewürler Dialogynyň dowamynda çärä gatnaşan kompaniýalary Türkmenistanda taslamalary amala aşyrmaga çagyrdy.

“Merkezi Aziýa Ýaponiýa” Işewürler Dialogy Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi metbugat gullugy habar berdi.

Dialogyň işine Merkezi Aziýa döwletleriniň Ýaponiýadaky Ilçileri, Merkezi Aziýa döwletleri bilen döredilen Ykdysady komitetleriň ýolbaşçylary, Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň hem-de ýapon kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen ilçisi Atadurdy Baýramow Dialogda çykyş edip, iki ýurdyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda işlerini alyp barmagy üçin döredilýän amatly şertler barada habar berdi.

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy bilen Tendo şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda duşenbe güni Ýaponiýanyň Tendo şäherinde Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Özbegistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy berkidýär
24-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyny guramak meýilleşdirilýär
23-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Putin älem giňişligine ýadro ýaraglarynyň ýerleşdirilmegine garşydyklaryny aýtdy
ABŞ bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda Möhüm minerallar boýunça C5+1 görnüşindäki dialogyň ilkinji mejlisi geçirildi