Ýaponiýa barada täsin maglumatlar

Ýaponiýa däp-dessurlary, aşhanasy, durmuş ýörelgeleri we baý medeniýeti bilen köpleri haýran galdyrýan ýurt. Ýaponiýada 100 ýaşdan uly bolan 50 müňden gowrak adam ýaşaýar. Her ýyl ýurduň ýaşulularyny hormatlamak üçin milli baýramçylyk “ýaşululara hormat güni” yglan edilýär.

Ýapon medeniýetinde ötünç soramak ahlagyň möhüm görnüşi hasaplanýar. Söz bilen ötünç soramagyň azyndan 20 dürli usulynyň bardygyny aýtmak bolmaz.

Häzirki wagtda Ýaponiýa awtoulag, elektronika, himiýa we dokma senagaty boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Dünýäniň iň uly robot öndürijisi bolan Ýaponiýa senagat senagat robotlaryny ulanmakda hem öňdäki orunlary eýeleýär.

Gyşyň gazaply sowugyna we köp mukdarda gar ýagýandygyna garamazdan, Ýaponiýadaky otlular hiç hili gijä galmaýar. Ýapon otlulary örän seýrek ýagdaýda sekunt bilen hasaplap boljak derejede gijä galýar.

Ýaponiýanyň Nara şäherinde köçede barýarkaň keýiklere duşmak bolýar. “Keýikleriň şäheri” diýlip atlandyrylýan Narada keýikler adamlardan hiç hili gorkmaýar. Bu ýerde keýige duşanyňyzda oňa haýsydyr bir iýilýän zat uzatsaňyz, olar gormak eliňizdäki zady iýýär.

Nurana HUDAÝBERDIÝEWA,

Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiň okuwçysy.

The post Ýaponiýa barada täsin maglumatlar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Umumy fortepiano kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy
Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda golf boýunça synag ýaryşy geçirildi
Happy Childhood
Sanly ykdysadyýet ösüşleriň açary
Maryda 2020-nji ýylda çagalara iň köp dakylan adaty bolmadyk atlar
Türkmen kompaniýasy “Eýwan mebel” haryt nyşanly mebel önümlerini öndürýär