
Ýaponiýanyň Meteorologiýa agentligi tarapyndan berilen maglumata görä, Isikawanyň Noto ýarymadasynda we suw giňişliginde yzyly-yzyna ýer titremeler boldy.
Sebit derejesinde 4 bilen 5 bal ululygynda üýtgeýän ýer yranmalaryň dowam edýändigi habar berildi.
Ýer titremelerden soň sebitiň kenarýakasynyň tapawutly ýerlerine soňky 1,5 sagatda ululygy 3-5 metr aralygynda bolan sunami tolkunlaryň gelip ýetendigi mälim edildi.
Ýer titremeler Isikawa welaýatynda, Ýaponiýa deňiziniň kenaryndaky Toýama, Fukui we Niigata welaýatlary bilen ýurduň paýtagty Tokio şäherinde we onuň töweregidne hem duýuldy.
Döwlet telewidneiýe kanaly NHK göni ýaýlymda "Uly sunami gelýär, gyssagly gaçyň" diýip duýduryşlar berdi.
Ýaponiýanyň Premýer ministri Kisida Fumio sebitde zeper ýeten ýerleriň anyklanmagy üçin derňewleriň geçirilýändigini belläp, halka ewakuasiýa bilen bagly duýduryşlara gulak asmaga çagyrdy.