Ýaponiýada yssa garşy göreşmek üçin enjamlary oýlap tapdylar

Ýaponiýada yssa garşy göreşmek üçin enjamlary oýlap tapdylar

Yssy howa garşy göreşde islendik serişde oňat. Ýaponiýada bedeniň gyzmagyna garşy enjamlaryň sergis guraldy diýip, MIR 24 teleýaýlymy habar berýär.

Täsin sergide görkezilýän yssy howa garşy serişdeleriň hatarynda boýnuňy sergin saklaýan kiçi-holodilnik, suw arkaly sowadýan ýeňsiz gursakça hem-de wentilýatorly köýnekler hem bar. Olaryň arasynda körpejeler üçin ýasalanlary-da bar. Şeýle-de suspensiýa görnüşindäki içmek üçin buz ýaly suw hem oýlanyp tapylypdyr.

Biz öz enjamlarymyzy açyk meýdanda zähmet çekýän adamlardyr fabrikleriň işgärleri üçin döredýäris. Bu kärhanalarda howa ýeterlik derejede sergin däl. Biz adamlaryň ölüm howply gün urma uçraýandygyny bilýäris hem-de munuň öňüni almakçy bolýarys diýip, Ýaponiýanyň Menejment assosiasiýasynyň wekili Tomoki Tanaka gürrüň berýär.

Sergidäki enjamlar adamlarda uly gyzyklanma döretdi. Sebäbi Ýaponiýada aňrybaş derejede yssy howa dowam edýär, şonuň üçin adamlar oňa garşy göreşmekde adaty bolmady serişdeleri peýdalanmaga hem taýýar diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Yssydan goranmak üçin enjamlar oýlanyp tapyldy
Türkmen talyplary Dubaýda geçirilen halkara ýaryşda 2-nji orny eýelediler
16.11.2017 | Türkmenistan telekommunikasiýalar ulgamynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge girişýär
Türkmenistanda aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň täze tapgyry birnäçe iri taslamalary özünde jemleýär