Ýaponiýanyň gümrükçileri bilen “Bir penjire” ulgamy boýunça tejribe alşyldy

29-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Ýaponiýanyň Maliýe ministrliginiň Gümrük we tarifler boýunça edarasynyň wekilleri bilen Bir penjire ulgamynyň tejribesini öwrenmek boýunça wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly tejribe alyşmak duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri ýurdumyzda Gümrük gullugy tarapyndan ornaşdyrylan Eksport-import amallary üçin bir penjire ulgamynyň aýratynlyklary we ýerine ýetirýän wezipeleri barada Ýaponiýanyň gümrük edarasynyň hünärmenlerini tanyşdyrdylar. Şeýle-de ýaponiýaly hünärmenler öz gezeginde Gümrük maglumat ulgamy hem-de Bir penjire ulgamlary boýunça öz tejribelerini paýlaşyp, bu ulgamlaryň ornaşdyrylyşy, ýerine ýetirýän wezipeleri we işleýiş tertibi boýunça giňişleýin belläp geçdiler.

Taraplar duşuşygyň dowamynda degişli ugurlar boýunça sorag-jogap hem-de pikir alyşdylar. Çeşme: customs.gov.tm /* custom css */ .td_uid_15_674ef4f57165c_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_674ef4f57165c_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýaly hünärmenler bilen gümrük ulgamynda tejribe alşyldy
Farap awtoýollary gümrük nokadynyň durky täzelenen binalar toplumy açyldy
Türkmenistanda “Eksport-import amallary üçin Bir penjire” ulgamyna emeli aň ornaşdyryldy
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Marmaris etrabynda kruiz gämi syýahatçylygy dowam edýär
Türkmen we ýapon gümrükçileri Ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasy boýunça tejribe alyşdylar