Ýaponiýanyň ilçisi TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutyna baryp gördi

Ýaponiýanyň ilçisi TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutyna baryp gördi

25-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sasaki Hiroşi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada institutyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda institutyň rektory türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde hereket edýän okuw we ylmy merkezleri barada, şeýle hem iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky, dostlukly ýurtlaryň gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlyk barada giňişleýin gürrüň berdi. Mundan başga-da, taraplar Halkara gatnaşyklary instituty we Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatda birnäçe teklipler ara alyp maslahatlaşyldy.

Resmi duşuşykdan soňra ilçi üçin guralan ýörite gezelenjiň dowamynda abraýly myhman institutyň halkara gatnaşyklary boýunça türk we iňlis dillerindäki kitaphanasy, Parahatçylygyň ýaş çaparlary akyl-paýhas bäsleşigi geçirilýän türkmeniň Ak öýi, institutda taýýarlanylýan Ýaş diplomatyň sesi elektron gazetiniň redaksiýasy hem-de institutyň okuw studiýasy bilen ýakyndan tanyş boldy.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýanyň parlament wekiliýeti Türkmenistana geler
Ýene 500 ýyldan Ýaponiýada ýeke-täk familiýa galyp biler
Ýaponiýanyň ilçisi Ýamamoto Hiroýuki Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlady
Ysraýyl 12 Müň Tonnadan Gowrak Partlaýjy Maddasyny Ulandy
Pahtakor — Ahal oýnuna nähili tomaşa edip bolar
Dünýäniň meşhur otluly syýahatlary
Ýaponiýanyň Ministrler Kabineti täzelendi