Ýaponiýanyň iň gymmat sygry: 30 million ýen

Ýaponiýada ýylyň ilkinji bişen gawunynyň, garpyzynyň, möwsümiň ilkinji tutulan balygynyň auksion arkaly auksion arkaly satylmak däni bar.Indi bolsa, ýurtda Matsusaka tohumyna degişli (Wagýu) sygry auksion arkaly 30 million ýene (202 müň dollardan gowrak) satyldy. “Hiroko No.1” atly öý haýwany soňky sekiz ýylda ýurtda satylan iň gymmat sygyr boldy.

NHK teleýaýlymynyň habaryna görä, ýokary hilli gyzyl eti bilen meşhurlyk gazanan Mie prefekturasynda auksion geçirildi.Auksiona 50 sygyr gatnaşdyryldy.Mie prefekturasynyň Maldarçylyk barlaglary institutynyň ylmy işgärlerinden düzülen 9 emin agzasy sygyrlara ululygyna, tüýüne we umumy fiziki ýagdaýyna görä baha berdi.

Agramy 676 kilogram bolan “Hiroko No.1” bolsa, bu ýerde guralan söwdada iň gymmat bahadan satylan mal boldy.Sygry “Asahiya” atly et dükany satyn aldy.

Sygry bakyp ulaldan Nakamura Kazuaki garaşylmadyk ýagdaýdaky ýokary bahanyň özüni haýran galdyrandygyny aýtdy. Ol “Sygyrlaryma ideg etmek üçin siňdiren zähmetimiň netijesini alandygyma begenýärin we has semiz mallary bakyp ulaltmak isleýärin” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

“Günäkärleriň” taryhy rekordy
Talyp türgenler Olimpiýa oýunlarynda
28.09.2017 | Ýurdumyzyň sportda iň oňat halypalaryna Türkmenistanyň at gazanan tälimçisidiýen at dakyldy
Ýurdumyzyň sportda iň oňat halypalaryna Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi diýen at dakyldy
18.01.2018 | Türkmenistan we Ýaponiýa telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär