Ýaponlar Toyota Yaris-i we Prius-y iň tygşytly awtoulag diýip atlandyrdylar

Ýaponlar Toyota Yaris-i we Prius-y iň tygşytly awtoulag diýip atlandyrdylar

Ýaponiýanyň Ýer, infrastruktura, ulag we syýahatçylyk ministrligi iň tygşytly awtoulaglaryň reýtingini çap etdi diýip, Drom saýty ýazýar. Oňa “Toyota”-nyň, “Nissan”-yň we “Honda”-nyň 100 kilometr üçin 3,5 litrden köp ýangyç talap etmeýän 10 modeli girýär.

Iň pes "işdäli" modelleriň reýtingi olary öndürijiniň maglumatlary bilen kesgitlenmeýär. Munuň üçin ministrligiň özi her ulagy synagdan geçirýär. Netijede, iň tygşytly awtoulag 100 kilometr üçin bary-ýogy 2,7 ​​litr ýangyç sarp edýän “Toyota Yaris” boldy.

Reýtingi siziň dykgatyňyza ýetirýäris: "Toyota Yaris" - 2,7 l/100 km; "Toyota Prius" - 3,1 l/100 km; “Toyota isaris Cross” - 3,25 l/100 km; "Toyota Corolla Sport" - 3,3 l/100 km; "Toyota Aqua" - 3,35 l/100 km; "Nissan Note" - 3,4 l/100 km; “Honda Fit” - 3,4 l/100 km; "Toyota Corolla" - 3,44 l/100 km; "Toyota Corolla Touring" - 3,44 l/100 km; “Honda Insight” - 3,5 l/100 km.

Ýer gelende bellesek, bu ministrlik sürüjileriň energiýa tygşytlamaga bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmak we ýangyç tygşytlaýan awtoulaglary meşhur etmek maksady bilen, her ýyl awtoulaglaryň ýangyç tygşytlylygyna baha berýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň köp satylýan awtoulaglaryň onlugy yglan edildi
7-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
1992-nji ýylyň Toyota Camry-sy iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawynda lider boldy
Awtoulaglaryň global önümçiligi peselýär, bahalary galýar
Awtomatlaşdyrylan sürüş tehnologiýasyny ösdürýär
Nissan awtomobiliň päsgelçilik bilen çaknyşmagyndan awtomatik sowuş ulgamyny döredýär
Krossower ilkinji gezek dünýäde iň köp satylan ulag boldy