Ýaş binagärler diplom işlerini goradylar

2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Binagärlik we dizaýn fakultetini üstünlikli tamamlaýan uçurymlaryň diplom işleriniň goragy geçirildi.Beýleki hünärlerde bolşy ýaly, fakultetiň Binagärlik kafedrasynyň Binagärlik gurşawynyň dizaýny we Binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi hünärlerinde düýpli bilim alan talyplaryň diplom işleriniň açyk goraglaryna medeniýet we sungat işgärleri, halk suratkeşleri, sungatda at gazanan işgärler we şekillendiriş sungatyny söýüjiler gatnaşdylar.

Türkmen halky taryhda dünýä medeniýetine uly goşant goşan halk hökmünde tanalýar.Munuň şeýledigini ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän dürli döwürlere degişli taryhy-medeni ýadygärlikler doly tassyklaýar.Häzirki wagtda olar Türkmenistanyň hem-de dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelýän alymlardyr, binagärler tarapyndan düýpli öwrenilýär.

Taryhy ýadygärlikleriň ýerleşýän ýerlerinde gazuw-agtaryş wе abatlaýyş, rejeleýiş işleri yzygiderli alnyp barylýar.Binagärlik hünäriniň uçurymlary ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleriniň 3D güberçek görnüşlerini ýerine ýetirip diplom işlerini üstünlikli goradylar.

Olardan A.Ahmedowyň Ahal welaýatynyň taryhy ýadygärlikleri, M.Batyrowyň Mary welaýatynyň taryhy ýadygärlikleri, D.Gapurowyň Lebap welaýatynyň taryhy ýadygärlikleri, B.Nepesowyň Aşgabat şäheriniň Ginnesiň rekordlar kitabynyň sanawyna giren binalar we M.Annarejepowyň Arkadag şäheriniň binalar toplumy atly 3D güberçek görnüşde ýerine ýetiren taslamalaryny bellemek bolar.

Döwrebap binagärligiň ajaýyp nusgalaryny talyplar K.Sultanowyň, R.Žumaniýazowanyň, A.Hallyýewiň we R.Baýramowyň ýurdumyzyň dürli künjekleri üçin niýetlenen syýahatçylyk zolaklarynyň infrastrukturalaryny döretmek boýunça teklip bilen ýerine ýetiren taslamalary ýokary baha mynasyp boldy.

Talyplaryň diplom işleriniň ählisiniň ýokary derejede oýlanyşykly we döwrebap meseleleri öňe sürmegi, olaryň alty ýyllap alan hünäriniň ýokary derejesini görkezýär.Häzirki döwürde çeperçilik akademiýada ussat halypalaryň bilim berip hünär öwretmegi netijesinde, talyplar döwrebap derejede kämil hünärmenler bolup ýetişýär.

Munuň özi, saýlap alan hünärinde bilim alyp zähmet çekmekde, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar üçin döredip berýän mümkinçilikleriniň aýdyň netijesidir.Bagtygül HOJAGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

12.02.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.03.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.04.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
25.04.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
30.04.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi
29.05.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi