Ýaş inžener 2026 atly bäsleşik geçirildi

Paýtagtymyzda ýaşlaryň arasynda Ýaş inžener 2026 atly bäsleşik geçirildi.Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi tarapyndan guralan bu bäsleşik ýurt boýunça iki ýüze golaý ýaş zehini bir ýere jemledi.

Ojar Aziýa hususy kärhanasynyň binasynda geçirilen bäsleşigiň dowamynda 7 12-nji synp okuwçylary Akylly önümçilik-hyzmat tehnologiýalary ugry boýunça özleriniň innowasion taslamalaryny hödürläp, toparlaýyn we aýratynlykda ýaryşdylar.Bäsleşigiň Robototehnika ugry boýunça gatnaşan okuwçylaryň robotlary 2,5 minudyň dowamynda şarlary ýygnap, ýörite gaplara ýerleşdirmek babatda synagdan geçirildi. Şol bir wagtyň özünde, Erjeller kodlaýar bäsleşiginde 8-nji synp we ondan uly okuwçylar Scratch programmirleme dilinde taýýarlan oýunlaryny hem-de amaly programmaly taslamalaryny görkezdiler.

Islendik ýaşdaky gatnaşyjylar üçin açyk bolan BattleBots robotlaryň söweşi bäsleşigiň iň gyzykly we çekeleşikli pursatlaryny döretdi.Guramaçylaryň bellemeklerine görä, şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan bilim özgertmeleriniň aýdyň miwesi bolup, ýaşlara döwrebap bilim bermekde uly mümkinçilikler açýar.

Emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, Akylly önümçilik-hyzmat tehnologiýalary ugry boýunça Aýlar Amanowa we Nepes Jorakulyýew (Aşgabat halkara mekdebi), Robototehnika ugry boýunça Aznawur Çolukow (Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebi), Erjeller kodlaýar ugry boýunça Ata Goşaýew (Kämil bilim okuw merkeziniň Balkanabat şahamçasy) hem-de BattleBots ugry boýunça Ýusup Geldiýew (Aşgabat şäherindäki iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdep) birinji orna mynasyp boldular.

Robototehnika ugry boýunça iň ýokary netije görkezen ýeňijileriň bäşisi 2026-njy ýylda geçiriljek First Global Challenge dünýä robototehnika çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandylar.Geçen ýyl Panamada geçirilen bu abraýly ýaryşda mekdep okuwçylarymyzyň Skills Challenge ugry boýunça birinji orny eýeländigini bellemek ýakymly. Çäräniň ahyrynda ýeňijilere guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýeňijileri sylaglamak dabarasynda çykyş edenler okamaga, öwrenmäge we intellektual bäsleşikleri geçirmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda Ýaş inžener 2026 bäsleşigi geçiriler
Robot işgärleriň sany artýar
Ilkinji adamsypat uçarman robot
Şweýsar alymlary iýdiji robot döretdiler
Robot bäsleşigi geçiriler
Dubaýda “ýüzýän” metjit gurlar