Ýaş şahyrlaryň döredijiligi

Ýakynda Türkmenistanyň döredijilik wekilleri Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen Türki dünýäsiniň ýaş şahyrlarynyň II halkara festiwalyna gatnaşyp, sylaglara mynasyp boldylar. Şeýle ajaýyp waka mynasybetli üstünlik gazanan ýaş şahyrlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen söhbetdeşligi ýazga geçirdiler.

Söhbetdeşlikde çykyş eden şahyrlar Şuşa şäherinde Azerbaýjan edebiýatynyň nusgawy şahyry Molla Penah Wagifiň muzeý-goraghanasynyň öňündäki meýdançada Wagifiň şygyrýet günlerine bagyşlanyp geçirilen dabarada özleriniň döreden şygyrlary bilen çykyş edendiklerini buýsanç bilen gürrüň berdiler.

Olar söhbetleriniň ahyrynda ýaşlarymyz hakynda döredilýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Ýaş şahyrlarymyzyň halkara festiwalyndaky üstünlikleri
Dünýä belli Mollagara melheme baý şypahana
Türkmen sungaty dabaralanýar
Ahalteke bedewi türkmeniň buýsanjy hem şöhraty
Jana şypaly hem sapaly Awaza şypahanasy
Kitaplar dünýäsine wirtual syýahat: Türkmenistanda kitaphana ulgamynyň sanly özgertmeleri işjeň ösdürilýär