Ýaş türkmen boksçylary Aziýa çempionatynda bürünç medallaryň ikisine mynasyp boldular

Boks boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary 1-nji awgustdan 9-njy awgust aralygynda Kuweýtde geçirilýän ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatyna gatnaşýar.Wekilçilikli ýaryşa dünýä döwletleriniň 21-sinden türgenleriň 150-si geldi. Şu güne çenli türkmen türgenleri 35 kg we 70 kilogramdan agyr agramlarda medallaryň ikisine mynasyp boldular.

Daşoguz şäherinden 8-nji synp okuwçysy Daniýar Rozmetow we paýtagtymyzdan sekizinji synp okuwçysy Bogdan Konstantinow bürünç medal eýelediler.Türkmenistanly ýetginjeklerden ýedinji synp okuwçysy Döwlet Nurmyradowyň we 8-nji synp okuwçysy Alyşir Orazbaýewiň hem baýrakly orunlary eýelemäge mümkinçilikleri bar.

Olaryň ikisi-de öz agramlarynda degişlilikde 43 we 40 kilogram agramlarda ýaryşyň aýgytlaýjy tapgyryna çykdylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Marketing we telekeçiligi ösdürmek mowzugy boýunça işewürleriň ertirlik nahary geçiriler
Türkmen milli konserwatoriýasynda baýramçylyk konserti geçirildi
Hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna Milli bahar baýramy mynasybetli Gutlagyny beýan etdi
Aşgabatda Lindt şokoladlarynyň resmi dükany açyldy
Ýolagçy otlularynyň gatnaw tertibi täzelendi, Aşgabatda şweýsar şokaladynyň resmi dükany açyldy, Gazpromyň ýolbaşçylary Türkmenistana gelerler we beýleki habarlar
Özbek edebiýaty: uzak geçmişden biziň günlerimize çenli