Ýaşaýşyň başlangyjy barada maglumat berer

Alymlar 8 ýyl ozal Antarktikadan tapylan daşyň Ýerde ýaşaýşyň başlangyjy barada maglumat berip biljekdigini aýdýarlar.Kosmosdan Ýere gaçan meteoridiň bir bölegi bolan daşy 2012-nji ýylda belgiýaly we ýaponiýaly alymlar tapypdylar.

Asuka 12236 atly daşyň düzümindäki aminokislotalardan maglumatlary tapyp boljakdygy bellenilýär.The Independent gazetindäki habara görä, hünärmenler suwuň Ýer ýüzünde nähili peýda bolandygyny bu daş arkaly anyklamaga çalşarlar.NASA-nyň Goddard Kosmosa uçuş merkezinde zähmet çekýän astrobiolog Daniýel Glawin bu daşyň sowuk we gurak ýerde durandygy üçin şeýle uzak wagtlap abat saklanyp galandygyny belleýär.

Ýene degişli makalalar

Astronomlar ýaşaýyş üçin ýaramly çaklanýan 85 sany planetany tapdylar
Kosmosa çykan ilkinji arabystanly zenan
Hytaýyň ilkinji raýat kosmonawty, orbitadaky adamlaryň sany rekord derejä ýetdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Asteroid nusgalary öwreniler
Dört astronawt Halkara kosmos bekedine iberildi