
Döredijilik we zähmet işinde üstünlikleri gazanan, ýokary guramaçylyk ukybyna we kärdeşleriniň, deň-duşlarynyň arasynda uly hormatdan peýdalanýan 16 35 ýaş aralygyndaky ýaşlar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna hödürlemek boýunça resminamalar kabul edilip başlandy. Bu baradaky bildiriş Nesil gazetiniň şu günki sanynda neşir edildi.
Ýaşlar baýragy jemgyýetçilik işine işjeň gatnaşýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýylda bir gezek berilýär.
Resminamalaryň taýýarlanylyşy:
Kabul edilýän resminamalaryň sanawy:
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna hödürlenýän işler, resminamalar jemlenenden soňra, olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň mejlisi tarapyndan seredilýär we tassyklanylýar. Şol mejlisde Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny bermek barada jemleýji karar kabul edilýär we ol metbugatda çap edilýär.
Ýaşlar guramasynyň ýerli geňeşleri welaýatlardan we Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden Ýaşlar baýragyna hödürlenýän ýaşlar baradaky maglumatlary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşine 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli ibermeli.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-88-79, 44-88-85.