Ýazyjy şahyrlary ýatlap

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymynyň “Ruhy çyragym” atly gepleşigi tarapyndan halypa kitaphanaçylar bilen şahyr we uruş weterany “Gara Gylyjowyň ömri we döredijiligi” hakynda ýazgy edildi.Hünärmenler şahyryň kitaphanamyzyň hazynasynda bar bolan kitaplary we şygyrlary baradaky maglumatlary giňişleýin açyp görkezdiler we şygyrlaryndan okap berdiler. Şeýle gürrüňdeşlikleriň geçirilmegi bolsa ösüp gelýän ýaş nesliň edebiýat äleminiň ussatlaryny giňden tanamagyna giň mümkinçilik berýär.

Edebi mirasymyzy öwrenmek işini düýpli ýola goýmaga, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Ýene degişli makalalar

Awaza milli syýahatçylyk zolagynda şatlyk-şowhun dowam edýär
“Özüni tanyşdyrmak we abraýy berkitmek”. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri näme barada we näme üçin kitap ýazýarlar
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýew aradan çykdy
Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Atajan Tagan aradan çykdy
Ýazyjy, şahyr, dramaturg
TÜRKMEN ZENANLARYNYŇ EDERMEN KEŞBINI ESERLERINE SIŇDIREN USSAT ÝAZYJY