ÝB 110 Müň Doza Maýmyn Mama Sanjymyny Alar

ÝB 110 Müň Doza Maýmyn Mama Sanjymyny Alar

ÝB Komissiýasynyň saglygy goraýyşdan jogapkär agzasy Stella Kyriakides ÝB-ne agza ýurtlaryň Saglygy goraýyş ministrleriniň Lýuksemburgdaky maslahatyndan ozal beýannama berdi.

110 müň doza maýmyn mama sanjymyny almak üçin şu gün ylalaşyga gol çekişjekdiklerini aýdan Kyriakides, sanjymyň agza ýurtlara iýun aýynyň ahyrynda berilmäge başlanjakdygyny beýan etdi.

Kyriakides häzirki wagtda ÝB-ne agza ýurtlarda 900 adama maýmyn mama keseliniň ýokaşandygyny, dünýäde bolsa şol sanyň 1400-e barabardygyny aýtdy.

ÝB-niň Saglygy goraýyş ministrleriniň maslahatynda koronawirus pandemiýasy boýunça hem pikir alyşjakdyklaryny aýdan Kyriakides, güýz we gyş üçin strategiýalary ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny, agza ýurtlaryň warianlara uýgunlaşdyrylan ýeterlik sanjymynyň bolup bolmandygyny seljerjekdiklerini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Afrikada 7 Ýurtda Maýmyn Mama Keseline Gabat Gelindi
Braziliýada Maýmyn Mama Keseline Gabat Gelindi
ABŞ-nyň Harby Goşunynda Maýmyn Mama Keseline Gabat Gelindi
Wenesuelada Maýmyn Mama Keseli Hasaba Alyndy
BSGG maýmyn mamasynyň öňüni almak boýunça maslahatlary çykardy
Liwanda Ilkinji Maýmyn Mama Keseli Hasaba Alyndy