“ÝB-ne Agza Ýurtlar, Ukraina Has Köp Kömek Bermeli”

“ÝB-ne Agza Ýurtlar, Ukraina Has Köp Kömek Bermeli”

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, ÝB-ne agza ýurtlara Ukraina şu ýyl has köp kömek bermekleri üçin çagyryş berdi.

Ýurdunda saparda bolan Lýuksembugryň Premýer-ministri Lýuk Friden bilen paýtagt Berlinde duşuşan Şols, duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Germaniýanyň Federal Kansleri “ÝB-ne agza ýurtlaryň esasy bölegi tarapyndan şu günki güne çenli Ukraina berlen ýarag kömegi diýseň az. Şol sebäpli hem hyzmatdaşlarymyza Ukraina berýän goldawlaryny artdyrmaklary üçin çagyryş berýärin” diýdi.

Şols, Ýewropanyň Ukrainanyň özygtyýarlygyna, halkara hukugyna we gymmatlyklara goldaw berýändigini görkezmelidigini belledi.

Germaniýanyň ABŞ-dan soň Ukraina uly kömek beren ýurtdygyny ýatladan Şols, resmi Kiýewe şu ýyl 8 milliard ýewrolyk ýarag we harby enjam kömeginiň berilmegi üçin taýarlyk görlendigini nygtady.

Lýuksembugryň Premýer-ministri Lýuk Friden hem Ukraina syýasy, maliýe we harby taýdan berilýän kömekleriň artdyrylmagyna goşant goşup biljekdiklerini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly Garlyýew adyndaky Daşoguz welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Türkmenistanda dogabitdi ýürek kemisligi bolan çaganyň operasiýasy üstünlikli geçirildi
Berlin Dartgynly
Agry Dagy
BÝKM Türkmenistanyň raýatlygy bolmadyk adamlara COVID-19 waksinasyny urmak baradaky hereketine ýokary baha berýär
YNSANPERWER UGRY BOÝUNÇA HALKARA HYZMATDAŞLYK ATLY ÜÇÜNJI PLENAR MEJLIS