ÝB-niň Türkmenistandaky Ilçisi hoşlaşyk duşuşygyny geçirdi

ÝB-niň Türkmenistandaky Ilçisi hoşlaşyk duşuşygyny geçirdi

31-nji iýulda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow bilen hoşlaşyk duşuşygyny geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlykda, aýratyn-da söwda, ykdysady ösüş we işewürlik gatnaşyklary ugurlarynda gazanylan oňyn hem-de özara bähbitli ösüş bellenildi. Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we täze mümkinçilikleri ösdürmäge bolan özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň jemgyýetçilik torundaky akkaundynda habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy ÝB-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşdy
ÝB “Global Gateway”-iň çäklerinde Merkezi Aziýa maýa goýumlaryny dowam etdirer
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça Ýokary derejeli dialogyň 13-nji mejlisine gatnaşdy
ABŞ: Türkmenistanyň syýasy tussaglary we adam hukuklary meselesi gozgaldy
ÝB, ABŞ bilen Eýrana diplomatiýa çagyryşyny berdi
Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Ilçisi Ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy