ÝB Russiýa garşy almaz söwdasyny hem öz düzüminde jemleýän 12-nji sanksiýa bukjasyny kabul etdi

ÝB Russiýa garşy almaz söwdasyny hem öz düzüminde jemleýän 12-nji sanksiýa bukjasyny kabul etdi

ÝB Geňeşi agza ýurtlaryň arasynda maslahatlaşylan Russiýa garşy 12-nji sanksiýa bukjasynyň tassyklanandygyny habar berdi.

Täze sanksiýa bukjasyna laýyklykda ÝB Russiýadan gönüden ýa-da aýlawly ýagdaýda almaz importyna, satyn alynmagyna ýa-da ugradylmagyna gadagançylyk girizildi.

Şol gadagançylyk Russiýa degişli almazlar, Russiýadan eksport edilen almazlar, Russiýanyň üstaşyr geçen almazlar we 3-nji ýurtlarda üstünde işlenen rus almazlar üçin degişli bolar.

Senagata degişli bolmadyk tebigy we sintetik almazlar bilen almaz şaý-seplerine girizilen gadagançylyk 1-nji ýanwarda güýje girer.

ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen X platformasyndan beren beýanatynda, 12-nji sanksiýa bukjasy bilen bagly ylalaşykdan hoşaldygyny beýan etdi.

Ukrainanyň ýanynda durmaga dowam etjekdiklerini aýdan fon der Lýaýen, sanksiýalardan geçmek babatynda berk çäre görendiklerini, almazlar bilen birlikde has köp önüme sanksiýa goýjakdyklaryny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Ýewropa Bileleşigi we Kanada “Ýaşyl Bileleşigi” döretmek barada ylalaşdylar
Ursula fon der Lýaýen, “Forbes”-iň täsirli zenanlarynyň sanawynda birinji orunda durýar
COP28: Ýewropa Bileleşigi täzelenip bilýän energiýa bil baglaýar
“The Financial Times” ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi
Täze global maliýe şertnamasy boýunça sammit
Täze global maliýe şertnamasy boýunça sammit