ÝB Tunis: migrasiýany çäklendirmek barada şertnama

Tunis bilen Ýewropa Bileleşigi bikanun migrasiýa gönükdirilen we adam söwdasyna garşy göreşmek maksady bilen “strategik hyzmatdaşlyk” şertnamasyna gol çekdi. Munuň üçin Brýussel Tunise 100 million ýewro goldaw berer.

Tunis her ýyl müňlerçe migrantyň başlangyç nokady bolup, Ortaýer deňzinden geçip, Ýewropa tarap ugraýar. Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen, Italiýanyň Premýer-ministri Jorjiýa Meloni we Niderlandlaryň Premýer-ministri Mark Rutte bu ýurda sapar edip, ylalaşygy makulladylar.

Ylalaşyk Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar tarapyndan tassyklanmalydyr.

Ýylyň başyndan bäri Italiýa 75 müňden gowrak migrant gelen bolsa, geçen ýylyň dowamynda 31 müňden gowrak migrant bu ýurda gelipdir.

Ýene degişli makalalar

Dünýä liderleri we halkara guramalar Gazadaky hüjümi ýazgarýarlar
Italiýada gidroelektrik desgasynda bolan partlamada 4 adam ýogaldy
Dünýäniň dört künjeginden Türkiyä gynanç ýüzlenmeleri gelip gowuşýar
Dünýä liderleri Türkiyä gynanç bildirýärler
Dünýä ýurtlary Türkiyä kömek ugratmaga dowam edýär
Hirosimada G7 toparynyň sammiti öz işine başlady