ÝDÖB Hazaryň türkmen ýalpaklygynda işleýän kompaniýa karz bermekden boýun gaçyrdy

Daşky gurşawa gözegçilik edýän “Crude Accountability” guramasynyň habar bermegine görä, Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş banky (ÝDÖB) “CMI Offshore” hysysy kompaniýasyna Türkmenistanky proýetki üçin deňiz transportyny satyn almak üçin soran karzlaryny bermegi goýbolsun etdi.

“CMI Offshore” ÝDÖB-dan Kaspi deňzindäki nebit taslamalrynda ulanyljak birnäçe deňiz gämisini satyn almak üçin $21 mln möçberindä karz almaga çalyşdy.Kompaniýanyň arzasynda aýdylmagyna görä, “CMI Offshore” nebit-gazyň gözlegine we gazylyp alynmagyna gönümel gatnaşman, diňe uly bolmadyk möçberdäki uglewodorod we beýleki ekologiýa taýdan howply maddalary daşaýar.

Mundan başga-da, bu kompaniýanyň wezipesine beýleki işlerden başga nebit dökülmegi ýaly adatdan daşary ýagdaýlarda kömege ýetişmek girýär.

“Crude Accountability”, öz gezeginde, “CMI Offshore” Kompaniýasyna karz berilmegine garşy çykdy.Tebigaty goraýjylaryň pikirine görä, bu kompaniýanyň nebit platformalaryna hyzmat edýän gämileri Hazar döwlet goraghanasyna wehim salýar, sebäbi onuň gämileriniň ýoly şu goraghananyň territoriýasyndan gatnaýar.

Bu goraghana Ramsar konwensiýasy (Esasan suwda ýüzýän guşlaryň düşleýän halkara ähmiýetli suwly-batgalyk ýerleri hakyndaky konwensiýa) arkaly goralyp saklanylýar.

“Crude Accountability” ÝDÖB-nyň kredit bermezinden owal öz düzgünnamasyna laýyklykda, bu taslamanyň mümkin bolan sosial we eklologiýa täsirleri babatda derňew geçirmegini berk talap etdi.

“Crude Accountability” guramasynyň energiýa we daşky gurşaw boýunça Günorta-Hazar utgaşdyryjysy Sonýa Zilberman şeýle diýdi:”ÝDÖB-nyň demokratiýany we plýuralizmi ündemek boýunça açyk-aýdyň ygtyýarnamasy bolan ösüş bankynyň Türkmenistanyň, birleşmek, pikiriňi erkin aýtmak we ýygnaklar azatlygynyň düýpden ýok ýurdunuň uglewodorod pudagyna maýa ýatyrmak mümkinçiligine seretmegi hopukdyryjy bolup durýar.

Nebit pullary prezident Berdimuhamedowyň hususy jübilerinde ýitirim bolýar.Türkmenistan nebit gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýar.Emma, ýurduň aglaba ilaty gyşyna gazdan ýylanyp bilmeýär.Bu hili kreditler türkmen halkyna ýa-da daşky gurşawa peýda getirmeýär.

Olar diňe korrupsiýa we adam hukuklarynyň bozulmagyna ýardam edýär”.

ÝDÖB-nyň bu taslamany maliýeleşdirmegi goýbolsun edendigi 7-nji fewralda mälim boldy.

Ýatladýarys, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň awgustynda wise-premýerlere Hazar deňziniň ekologiýa problemalary bilen meşgullanmagy tabşyrdy.

“Hazir Hazardaky hyzmatdaşlyugyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri ekologiýa bolup durýar, ol klimat özgermesi we bioligiki köpdürlüligi gorap saklamak bilen berk baglanyşykly meselelerden ybarat” diýip, döwlet baştutany aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Ekologiýa we hukuk guramasy Türkmenistana hazar taslamasy üçin beriljek karzyň togtadylandygyny aýdýar
Prezident deputatlary maýa kanunlaryny kämilleşdirmäge çagyrýar, ÝÖDB Aşgabada berjek karzyny ýatyrýar
Önümçilik 3 esse artar
Туркменистан и Франция развивают партнерство в области транспорта и связи
Resmi Kepil HJ fiziki we ýuridik şahslara ätiýaçlandyryşyň 20 görnüşini hödürleýär
“Oil and Gas of Turkmenistan” (OGT-2022) will be held on October 26-28