Ýedi yklyma ýaýran türkmen halysy

Ýedi yklyma ýaýran türkmen halysy

Halkyň baý milli mirasynyň aýrylmaz bir bölegi bolan türkmen haly önümleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her birimiziň öýümiziň toýumyzyň we ýaşaýşymyzyň ajaýyp bir bölegine öwrüldi. Öz gözbaşyny bäş müň ýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halysynyň baýramçylygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Ýedi yklyma ýaýran türkmen halysy diýen atly baýramçylyk sergisi gurnaldy.

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda geçirilýän bu sergide, halypa ussatlar, Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aýhan Hajyýewiň Türkmen ajaýyplyklaryny döredijiler , Annadurdy Almämmedowyň Halyçylar , Ýakup Annanurowyň Dokmaçy , suratkeş Çary Hümmedowyň Halyçylar ýaly nakgaş eserleri bilen birlikde, türkmeniň beýik senedi bolan haly sungatyna bagyşlanan, heýkeltaraşlar Juma Jumadurdynyň Halyçylar , Abdymuhammet Oramadowyň Pikir atly heýkel eserlerini we Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Prezidentiniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijisi, haly boýunça dizaýner-modelýer, ussat haly suratkeşi Annabibi Yslamowanyň dokan haly önümleri hem sergilendi.

Beýik sungatyň ussady Annabibi Yslamowanyň dokan işlerinde haly sungatynyň gadymy nagyşlaryny ulanyp, häzirki zaman torbalarynyň dürli görnüşlerini, dürli biçüwlerde ýerine ýetirip, türkmeniň bu beýik sungatyna täze öwüşgün getiripdir.Onuň çitiminiň syklygy, reňkleriniň ýerbe-ýerligi bilen sungatyň ajaýyplygy bolup lowurdaýan eserlere şu sergide göz ýetirdiler.Aýratyn reňk baýlygyny özünde jemleýän bu eserleriň ählisinde türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň, şanly şu gününiň, arzuw-islegleriniň ajaýyp beýanyny görmek bolýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde göçme sergisi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Halypa-şägirt
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gurnan sergisi haly dokamagyň taryhy we däpleri barada gürrüň berýär