Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyna Türkmenistandan bir türgen gatnaşýar

Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyna Türkmenistandan bir türgen gatnaşýar

Türkmenistanly ýeňil atletikaçy Alişer Sadullaýew şu günler Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşýar. Dünýä çempionatyna düýn ― 19-njy awgustda badalga berildi.

Gelejegi uly hasaplanýan Alişer Sadullaýew 100 metr aralyga ylgamakda Türkmenistanyň häzirki çempionydyr. Ol bu üstünlige 10.3 sekunt netije bilen ýetdi. Ol 200 metr aralygy hem 21,4 sekuntda külterläp altyn medala mynasyp bolupdy. Ol Merkezi Aziýanyň açyk çempionatynda hem bürünç medala mynasyp boldy.

27-nji awgusta çenli dowam etjek dünýä çempionatyna 200 gowrak döwletden 2150 türgen gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly ýeňil atletikaçylar Merkezi Aziýanyň açyk çempionatynda 11 medal gazandylar
Eýranda, 9-njy deýiň hemasasy
Ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýewiň täze kitaby çapdan çykdy
Türkmen-özbek gatnaşyklary — hoşniýetli goňşuçylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasy
Daşoguz welaýaty pagta ýygymyna taýýar
28.11.2019 | Türkmen-özbek gatnaşyklary — hoşniýetli goňşuçylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasy