Ýer şaryna 245 günlük gezelenç

Ýer şaryna gämi arkaly syýahat etmek isleýänler üçin dünýä belli “Viking Cruises” (Norwegiýa) şereketi nobatdaky gezelenç meýilnamasyny taýýarlady.Jahankeşdeler bu gämili gezelenjiň çäklerinde 59 ýurda aýlanarlar. 2019-njy ýylyň awgust aýynda başlanjak gezelenç 8 aýlap, ýagny 245 günläp dowam eder. “Viking Sun” atly gämili gezelençde jahankeşdeler umumylykda 113 portda düşlärler.

Gämi şolaryň 22-sinde 1 gije-gündiziň dowamynda saklanar.Bu bolsa, ýolagçylara şol 22 şähere has giňişleýin gezelenç etmäge mümkinçilik berer. 930 jahankeşdä niýetlenen bu gämidäki otaglaryň hemmesi-de eýwanly bolup, olaryň 465-si lýuks otaglardyr. Ýolagçylar ummany synlamaga-da mümkinçilik alarlar.

Angliýanyň paýtagty Londondan bat aljak bu täsin, özboluşly gezelenç gämisi Britan adasynyň daşyndan aýlanyp, Demirgazyk polýusa, ol ýerdenem Kanada barar.Gämi Kariplerden geçip, Argentinanyň, Taitiniň, Fransuz Polineziýasynyň port şäherlerinde durar.

Awstraliýadyr Täze Zelandiýanyň kenaryndanam geçip gitjek gäminiň ýol ugrunda Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Tailandyň, Günorta Koreýanyň port şäherleri-de bar. Şol bir wagtyň özünde Afrika yklymynyň-da syýahatçylary Ýakyn Gündogaryň kenarýaka şäherlerine-de gezelenç edip bilerler.

Gämili gezelenç Müsürden soň, 8 aýlyk syýahatyny jemläp, Maltada tamamlanar. “Viking Ultimate World Cruise” atly bu gezelenjiň bilediniň iň arzan görnüşiniň bahasy 93 müň amerikan dollaryna deňdir.

Leýla Atamämmedowa,Halkara ynsanperwer ylymlarywe ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Türkmenistanly ýük ulag sürüjisi ýol heläkçiliginde aradan çykdy
23.09.2017 | Türkmen topary V Aziýa oýunlarynda umumy sanawda öňdeligi eýeläp gelýärler
28.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň birnäçesine Türkmenistanyň at gazanan sport ussady diýen at dakyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň birnäçesine Türkmenistanyň at gazanan sport ussady diýen at dakyldy