Ýerapetritis: "Liderlerimiziň duşuşygy üçin taýarlyk görýäris" diýdi

Ýerapetritis: "Liderlerimiziň duşuşygy üçin taýarlyk görýäris" diýdi

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşmak üçin şu gün Türkiyä sapar gurajak Gresiýanyň Daşary işler ministri Ýorgos Ýerapetritis, Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Misotakisiň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirmegi meýilleşdirilen duşuşyklary üçin iki ministriň taýarlyk görýändigini habar berdi.

Türkiyä sapar guramadan ozal beýanat beren Gresiýanyň Daşary işler ministri Ýorgos Ýerapetritis Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Misotakisiň Litwanyň paýtagty Wilnýus şäherinde geçirilen NATO sammitiniň çäginde oňyn ýagdaýda duşuşyk geçirendiklerini, liderleriň ol ýerde Türkiye bilen Gresiýany ýaňadandan ylalaşyk ýoluna getirmegi karara gelendiklerini aýan etdi.

Ýorgos Ýerapetritis: "Hem kärdeşim bilen liderlerimiziň Nýu-Ýorkda geçiriljek BMG-nyň Baş Assamblýeýasynyň çäginde boljak, ýurtlarymyzyň arasynda dowamly hyzmatdaşlygyň edilmegi baradaky niýetlerini tassyklajak nobatdaky duşuşygyň taýarlygyny ele almak üçin hem-de 7 ýyl arakesmeden soň ilkinji Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyny öňümizdäki dekabr aýynda Saloniki şäherinde geçirilmegine taýarlyk görmek maksady bilen Türkiyä sapar guraryn" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Dohada Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Hakan Fidan Gresiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan Gresiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Hakan Fidan Gresiýada Saparda Bolar
Balkanabadyň çagalar baglarynda kelle biti köpçülikleýin ýaýraýar
Mejlisiň Başlygy Kipr Respublikasynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
KIPR RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY