Ýerewanda türkmen-ermeni işewürlik duşuşygy geçirildi

Ýerewanda türkmen-ermeni işewürlik duşuşygy geçirildi

15-nji ýanwarda Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň we Ermenistanyň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň, şol sanda dokma we azyk senagaty, oba hojalygy, derman senagaty, ulag-logistika, zergärçilik senagaty, syýahatçylyk pudaklarynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda işewürlik duşuşygy geçirildi.

Işewürlik duşuşygynyň dowamynda Ermenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wise-prezidenti N.Karamanukýan, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň agzasy B.Arazow, Ermenistan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Edgar Zakarýan çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy, Türkmenistanda we Ermenistanda ykdysadyýeti ösdürmek, işewürligi alyp barmak we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça döredilýän mümkinçilikler barada habar berdiler.

Soňra işewürlik duşuşyga gatnaşyjylara Türkmenistanda we Ermenistanda işewürligi alyp barmak hem-de maýa goýum mümkinçilikleri barada tanyşdyryş dabaralary görkezildi.

Türkmen-ermeni işewürlik duşuşygynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda türkmen we ermeni kompaniýalarynyň wekilleri hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Ýerewan şäherinde türkmen-ermeni işewürlik duşuşygy geçirildi
Maýn Ridiň 200 ýyllygyna
Dünýä Kubogyna 68 gün galdy
Prezident Erdogan resmi sapar bilen Zambiýa bardy