Ýeriň ilatynyň ýarpy bölegi 2035-nji ýylda semizlikden ejir çeker

Ýeriň ilatynyň ýarpy bölegi 2035-nji ýylda semizlikden ejir çeker

2035-nji ýylda dünýäde 4 milliarddan gowrak adam artykmaç agramdan ejir çeker. Bu barada Semizlige garşy göreş boýunça bütindünýä federasiýasy duýdurdy diýip, BBC teleýaýlymyna salgylanýan Informburo.kz saýty ýazýar.

Federasiýanyň habarynda semizligiň ady agzalan döwürde has-da çagalarda köp duşjakdygy bellenýär, bu mesele bilen, esasan, pes we ortaça girdejili ilatly Afrika hem-de Aziýa ýurtlary ýüzbe-ýüz bolarlar.

Semizlik bilen bagly her ýylky çykdajylar, deslapky maglumatlara görä, bütin dünýäde 4 trillion dollardan hem geçýär.

Guramanyň prezidenti, professor Luiza Baur dünýä döwletlerini bu howpa garşy göreşmäge çagyrdy. Ol häzirki wagtda oglanjyklaryň hem-de gyzjagazlaryň arasynda hasaba alnan görkezijileriň 2035-nji ýylda iki esse artjakdygyny nygtady hem-de bu ýagdaýyň howsala döredýändigini aýdyp, dünýä ýurtlarynyň hökümetlerini degişli çäreleri görmäge çagyrdy.

Barlaglara görä, semizlikden pes girdejili ilat aýratyn ejir çekýär, onuň esasy sebäpleri-de tebigy iýmitden ýüz öwrülmegi, az hereket edýän adamlaryň sanynyň artmagy, azyk önümleriniň bazaryna gözegçiligiň peselmegi, agrama gözegçilik babatda ýaramaz hilli ukmançylyk hyzmatlary we arassaçylyk sowatlylygynyň ýetmezligi bolup durýar.

Bütindünýä federasiýasy semizligiň derejesiniň artmagynyň öz nobatynda dünýä ykdysadyýetine görnetin täsir edip, dünýä jemi içerki önümini 3 göterim peseltjekdigini belleýär. Guramanyň wekilleri şunda artykmaç agramdan ejir çekýän adamlary günäkärlemeýändiklerini nygtaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Uzak ýaşamagyň syry
Bütindünýä banky: Ýewropada we Merkezi Aziýada pandemiýadan soňky ykdysady dikeldiş üçin saglyk we bilim pudagy wajyp
Daşary ýurt metbugatyna syn
Balkan prezidentiň saparyna taýýarlanýar, çölde emeli çopan goşy döredilýär